Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk berkidilýär
2024-nji ýylyň 19-21-nji noýabrynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Russiýa Federasiýasynyň Ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim edarasynyň “Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň” arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde Naberežnyýe Çelny mugallymçylyk uniwersitetiniň wekilleriniň institutymyzyň mugallymlary bilen duşuşyklary geçirildi.
Bu duşuşyklarda Naberežnyýe Çelny mugallymçylyk uniwersitetiniň pedagogika kafedrasynyň müdiri, pedagogika ylymlarynyň kandidaty M.Gumerowa, rus dili daşary ýurt dili hökmünde we medeniýetara kommunikasiýa kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty K.Kalinin institutymyzyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň mugallymlary üçin rus dilini okatmagyň usulyýeti boýunça seminar we ussatlyk sapakgyny geçirdiler. Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň bu ýokary okuw mekdebiniň psihologik-pedagogika we ýörite defektologiýa bilimi kafedrasynyň müdiri, psihologiýa ylymlarynyň kandidaty R.Husnutdinowa, ylmy-barlag laboratoriýasynyň müdiri, pedagogika ylymlarynyň kandidaty G.Hakimowa we pedagogika ylymlarynyň kandidaty G.Ahkiýamowa institutymyzyň pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň mugallymlary bilen psihologik stress boýunça söhbetdeşlik hem-de bu tema bilen bagly testler geçirdiler.
Ýurdumyzda halkara derejesinde giň ylym we bilim hyzmatdaşlygy babatda Russiýa Federasiýasy bilen amala aşyrylýan gatnaşyklar aýratyn orna eýe bolýar. Bu gatnaşyklaryň çäklerinde medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy, şol sanda ynsanperwer ylymlary ulgamynda, hususan-da, dil bilimi we pedagogika boýunça hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär.