Bilim ulgamynda ýene-de bir ädim

Türkmen halkynyň asyrlar boýy dowam edip gelýän medeni diplomatiýasy bu günki gün parahatçylygyň ilçisi hökmünde bütin dünýä ýaň salýar. Dünýä dillerinde gepleýän zehinli türkmen ýaşlary bolsa bu döwletli ýoluň ýaş çaparlary hökmünde özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Muňa 2025-nji ýylyň mart aýynyň 19-yna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Merkezi Aziýada iňlis dilini ýaýratmak” (AELLCA-Accelerating English language learning in Central Asia) taslamasynyň esasynda Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Stefen Konlonyň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliniň gatnaşmagynda geçirilen dabara hem doly şaýatlyk edýär.  

Dabarada okuw biliminiň barlagy boýunça Beýik Britaniýanyň Nottingam Trent uniwersitetiniň tejribeli mugallymy Stiw Şarpyň alyp baran okuw sapaklaryna gatnaşyp, synaglardan üstünlikli geçip,  hünär derejelerini ýokarlandyran Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili mugallymlaryna degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy alyp barmak arkaly dilleri öwretmegi kämilleşdirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza we belent mertebeli hormatly Prezidentimiz Arkladagly Gahryman Serdara tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.