Britan Geňeşiniň AELLCA taslamasynyň çäklerinde TKT okuwlary başlady

Hormatly Prezidentimiziň milli we halkara derejedäki maksatnamalaryna we ynsanperwer daşary syýasatyna laýyklykda, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Britan Geňeşiniň AELLCA taslamasynyň çäklerinde iňlis dili mugallymlarynyň hünär kämilleşdiriş okuwlaryna badalga berildi.

2025-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda institutyň 14 sany iňlis dili mugallymy Beýik Britaniýanyň Nottingem Trent Uniwersitetiniň tejribeli mugallymy Ste Şarpyň alyp barmagynda TKT (Okuw biliminiň barlagy) okuwlaryna başlady. Bu okuw ýurdumyzda iňlis dilini okatmagyň hilini ýokarlandyrmakda möhüm ädim bolup, mart aýynyň ortasyna çenli dowam eder. Bu taslama talyplaryň okamakda döwrebap zerurlyklaryny nazarda tutup, mugallymlaryň daşary ýurt dilini okatmagyň usulyýetini, synpy dolandyrmagy we dil ukyplaryny yzygiderli  kämilleşdirmegini maksat edinýär.

Okuwlary üstünlikli tamamlan mugallymlar Nottingem Trent Uniwersitetiniň Şahadatnamasyna mynasyp bolarlar we halkara derejesinde ykrar edilýän TKT (Okuw biliminiň barlagy) synagyna gatnaşmak mümkinçiligine eýe bolarlar. Bu Şahadatnama, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyryp, olara ýerli we halkara derejede täze mümkinçilikleriň gapysyny açar.

Britan Geňeşiniň AELLCA taslamasynyň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Beýik Britaniýanyň Nottingem Trent Uniwersitetiniň arasyndaky bu hyzmatdaşlyk Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlary bilen hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan Watanymyzyň ylym-bilim ulgamyny dünýäniň iň ösen derejesine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işlere, döredilip berilýän ägirt uly mümkinçiliklere berk ygrarlylygyň subutnamasydy.