“Bütindünýä hindi güni”

2025-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda  Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň baş binasynyň uly mejlisler zalynda Türkmenistandaky Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagatyň, ilçihananyň işgärleriniň we institutyň ýolbaşçylarynyň, mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagynda “Bütindünýä hindi güni” dabarasy geçirildi. Dabaranyň başynda institutyň rektory M.Çaryýew giriş sözi bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda ýaşlarda hindi diline bolan gyzyklanmany döretmegiň agramly böleginiň mugallyma baglydygy, institutyň mugallymlarynyň dil öwretmek meselesine ylmy nukdaýnazardan çemeleşip, elmydama-da döwür bilen aýakdaş gitmek üçin halkara tejribäni hem yzygiderli öwrenýändiklerini, halkara giňişliginde geçirilýän forumlara, sergilere hem gatnaşýandyklaryny, şonuň ýaly-da, Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň  ýokary okuw mekdebi bilen ýola goýan hyzmatdaşlygynyň talyplaryň hindi dilini has çuňňur öwrenmeginde uly ähmiýetiniň bardygyny buýsanç bilen belledi. 

 Soňra Türkmenistandaky Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat  çykyş edip, “Bütindünýä hindi dili gününiň” bellenilmeginiň ähmiýeti barada durup geçdi. Hormatly Ilçi hindi diliniň Türkmenistanda-da meşhurdygyny, bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň hindi dilini ýokary derejede bilýändigini  aýratyn belledi.

Soňra hindi dili boýunça bilim alýan talyplar türkmen we hindi edebiýatynyň ýakynlygy, halklaryň medeniýetleriniň, däp-dessurlarynyň meňzeşlikleri barada çykyş etdiler. Talyplaryň Hormatly Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygrynyň hindi diline terjimesini uly joşgun bilen okamagy,    Magtymguly Pyragynyň hindi dili mugallymlarymyz tarapyndan terjime edilen şygyrlaryny, Rabindranat Tagoryň, Mkanlal Çaturwediniň, Hariwanş Raý Baççanyň goşgularyny hindi dilinde çeper okamaklary, ussatlyk bilen ýerine ýetiren  hindi tansy we türkmen milli tansy – küştdepdi dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.  Dabaranyň ahyrynda “Bütindünýä hindi diliniň güni” mynasybetli talyp ýaşlaryň arasynda düzme ýazmak  we goşgy terjime etmek boýunça geçirilen bäsleşigiň jemi jemlenip, ýeňijiler yglan edildi we baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplar sylaglandylar.

Dabara gatnaşyjylar ýaşlara  dünýä dillerini öwrenmäge giň mümkinçiligi döredip berýän,  ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde giň gerimli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.