Daşary ýurt dillerini aňsat ýol bilen öwretmek boýunça hakaton bäsleşigi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynyň hem-de durmuş ulgamynyň işiniň netijeliligini ygtybarly aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alyp Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty 2024-nji ýylyň 9-njy noýabrynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Tehniki ýumuş esasynda platformany işläp düzmek» ady bilen programmirleme arkaly daşary ýurt dillerini aňsat ýol bilen öwretmek boýunça hakaton bäsleşigini geçirýär.

“Düzgunnama”