Daşary ýurt dillerini öwretmegiň döwrebap usullary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş nesle dünýä derejesinde bilim bermek baradaky aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini halkara derejesine çykarmak, mugallymlaryň hünär derejelerini kämilleşdirmek boýunça meselelere aýratyn üns berilýär.

2024-nji ýylyň 14-nji oktýabryndan 19-njy oktýabry aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň we umumy bilim berýän orta mekdepleriň hytaý dili mugallymlaryna hytaý dili öwretmegiň döwrebap usullary boýunça geçirilen seminar sapaklar munuň aýdyň  subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Orta we ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirmeli» diýen tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen guralan bu seminarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň  Roman-german we Gündogar dilleri  kafedrasynyň  hytaý dili mugallymy Hou Ýuý Sin, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Uzak gündogar dilleri kafedrasynyň mugallymy Çen Wenýiň we şol kafedranyň  mugallymy A.Baýmyradowa,  hem-de göni wideoaragatnaşyk arkaly  Pekin daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň Rus dili institutynyň direktory Daý Guýjun we Hytaý Halk Respublikasynyň Sibeý mugallymçylyk uniwersitetiniň dosenti Aý Hoňmin  daşary ýurt dillerini okatmagyň wajyp meseleleri boýunça seminar sapaklaryny geçdiler.

Şular ýaly  dünýäniň abraýly ýokary okuw  mekdepleriniň professor-mugallymlary bilen  geçirilýän  usulyýet seminarlarydyr maslahatlary daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmekde  aýratyn ähmiýete eýedir.

Mähriban ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde giň gerimli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Arkadagly  Serdar Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!