Daşary ýurt dillerini öwretmegiň döwrebap usullary iňlis dili we rus dili mugallymlarynyň ylmy-usuly seminary
Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde “Orta we ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirmeli” diýen tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetinde daşary ýurt dillerini öwretmegiň döwrebap usullary boýunça hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary geçrilýär.
2024-nji ýylyň 4-nji noýabryndan 16-njy noýabry aralygynda hem ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda ýerleşýän ýokary we orta okuw mekdepleriniň rus dili, iňlis dili mugallymlary üçin ylmy-usuly seminarlar geçirildi. Bu ylmy-usuly seminarlarda bilim ulgamyny döwrebap usulda ösdürmek we hünärmenleriň bilimlerini has-da çuňlaşdyrmak bilen baglanyşykly “Rus dili ikinji daşary ýurt dili hökmünde” atly temadan M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň Dilleriň degşirmesini öwreniş kafedrasynyň dosenti, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Mariýa Lwowna Gordiýewskaýanyň, “Testleriň üsti bilen rus dilini ikinji daşary ýurt dili hökmünde öwretmegiň wajyplygy” atly temadan Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň Dil testirleme merkeziniň usulyýetçisi Irina Ýurýewna Iliçewanyň, “Diskursiologiýanyň derwaýys meseleleri” atly temadan A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus dili institutynyň professory, filologiýa ylymlarynyň doktory Larisa Wasilýewna Seleznýowanyň, “Sapagy giňişleýin dolandyrmak” atly temadan Wýetnamyň Ykdysadyyet we maliye uniwersitetiniň professory Dr. John Bakeriň, “Sapakdan daşary okuw” atly tamadan Ýaponiyanyň Okaýama şäheriniň Notre Dame Seishin uniwersitetiniň professory Dr. Rob Waringiň, “Leksikany öwretmegiň usullary” atly temadan M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty A.I.Usmanowanyň onlaýn usulyýet sapaklary, şeýle hem institutyň tejribeli mugallymlary tarapyndan seminar sapaklary yzygiderli geçirildi.
Ylmy-usuly seminarda ýurdumyzyň ýokary we orta okuw daşary ýurt dillerini öwretmegiň usuly aýratynlyklary, döwrebap usullary we innowasion tehnologiýalary baradaky meselelere aýratyn üns berildi.