DIL BILIMI, DILLERI OKATMAGYŇ DÜNÝÄ WE MILLI TEJRIBESI HEM-DE YLMY GÖZLEGLER BOÝUNÇA 2026-NJY ÝYLYŇ HALKARA ÇÄRELERINE GATNAŞMAGA ÇAGYRÝARYS
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamyna innowasion tehnologiýalary netijeli ornaşdyrmak, bilim syýasatynyň çäklerinde amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri ýokary hilli ýerine ýetirmek boýunça işleri ylmy-usuly taýdan seljermek hem-de bilim çygrynda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini has hem giňeltmek maksady bilen, 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynda» daşary ýurtlaryň hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny, ylmy işgärlerini, doktorantlaryny we aspirantlaryny hem-de talyplaryny aşakdaky halkara ylmy-bilim çärelerine gatnaşmaga çagyrýar:
1. «Iňlis dili» dersi boýunça V halkara internet olimpiadasy 2026-njy ýylyň 10-11-nji aprelinde Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň dil we beýleki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriler. Olimpiada talyplaryň iňlis dili boýunça nazary we amaly bilimlerini kämilleşdirmek, olaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak hem-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen guralýar.
2. Ýurdumyzyň hem-de institutyň hyzmatdaşlyk edýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda iňlis dilinde «Ýaşlaryň ylmy gözlegleri» atly halkara onlaýn ylmy-amaly maslahat 2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde geçiriler. Bu maslahat dilçi ýaşlaryň öz ylmy pikirlerini paýlaşmagyna, özara tejribe alyşmagyna hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilik döreder.
3. «Daşary ýurt dillerini okatmagyň dünýä we milli tejribesi: ylmy gözlegler we täze garaýyşlar» atly mugallymlaryň, ylmy işgärleriň, doktorantlaryň we aspirantlaryň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly Halkara ylmy-amaly maslahat 2026-njy ýylyň 23-nji aprelinde daşary ýurt dillerini okatmagyň häzirki zaman usullaryny, ylmy barlaglaryň netijelerini we halkara tejribäni ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçiriler. Halkara ylmy-amaly maslahat dil bilimi we pedagogika boýunça görnükli alymlary, pedagoglary hem-de ylmy işgärleri birleşdirjek möhüm waka bolar.


