Dil öwrenmekdäki hyzmatdaşlyk
2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Britaniýanyň Nottingham Trent uniwersitetiniň wekilleri professor Martin Sewior we doktor Sam Barkleý ýokary okuw mekdebiniň iňlis dili mugallymlary üçin seminar geçirdiler.
Seminaryň başynda daşary ýurtly myhmanlar öz iş tejribesini paýlaşyp, ony amaly taýdan görkezdi. Ýagny professor Martin Sewior mugallymlara dürli ýumuşlary ýerine ýetirmegi tabşyrdy. 1-nji ýumşa laýyklykda mugallymlar iki adamdan ybarat topara bölündiler. Her topardaky 1-nji mugallyma A belgili jogap ýazylan kagyz berildi, 2-nji mugallyma B belgili jogap ýazylan kagyz berildi. A belgili kagyzda 1-nji soragyň jogaby bar, emma 2-nji soragyň jogaby ýok we tersine B belgili kagyzda 2-nji soragyň jogaby bar, emma 1-nji soragyň jogaby ýok. Mugallymlar biri-birlerine sorag bermek arkaly özlerinde ýok jogaby öwrendiler we ony öz kagyzlaryna ýazdylar. Ikinji ýumuşda mugallymlar syýahatçylyk agentliginiň wezipesini ýerine ýetirdiler we Martin Sewioryň Türkmenistana iki günlük 2-nji saparynyň maksatnamasyny düzdüler. Martin Sewioryň haýsy zatlary halaýandygy 1-nji ýumuşdaky jogaplarda beýan edilendi.
Soňra doktor Sam Barkleý interaktiw tagtada usulyýete degişli slaýdlar görkezdi we “ýumuş” (task) hem-de “işiň bir görnüşi” (activity) diýen iki düşünjäniň tapawudyna ünsi çekdi. Ýerine ýetirilýän işde haýsam bolsa bir boşluk bar bolsa we talyplar ol boşlugyň üstüni doldurmak üçin biri-birlerine sorag bermeli ýa-da teksti diňlemeli ýa okamaly bolýan bolsalar, onda işiň bu görnüşi takyk ýumşa öwrülýändigini belläp, bu ugurda usulyýetçi alymlaryň öňe süren pikirlerini beýan etdi. Sam Barkleý mugallymlardan olaryň ýerine ýetiren ýumuşlarynyň haýsysynyň ýumuşdygyny (task), haýsysynyň bolsa işiň bir görnüşidigini (activity) sorady. Mugallymlar 1-nji ýerine ýetiren birinji işleriniň ýumuşdygyny (task), 2-nji ýumuşlarynyň bolsa işiň bir görnüşidigini (activity) aýtdylar.
Özara pikir alyşmagyň netijesinde usulyýetde eger talyplara
sorag-jogap alyşmak arkaly bir ýumuş berilýän bolsa, muňa kommunikatiw usul arkaly öwretmek diýilýändigi, eger talyplar anyk ýumuşlary ýerine ýetirýän bolsalar, onda muňa ýumuşlara esaslanyp, bir zady öwrenmek diýilýändigi kesgitlendi.
Soňra doktor Sam Barkleý diňlemek, sözlemek, okuw we ýazuw ýaly endikler ösdürilende, diňlemegiň üsti bilen sözleýişe üns berilýändigini, okamagyň üsti bilen bolsa talyplaryň ýazuw endiklerini ösdürip bolýandygyny belledi.
Umuman, örän işjeň geçen bu seminar daşary ýurt dilllerini okatmakda ähmiýetli usuly kömek boldy. Seminara gatnaşyjylar işlemäge, döretmäge, kämilleşmäge döredilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.