Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan 2024-nji ýylyň 5-6-njy dekabrynda «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirilýär
«Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahat dil bilimi we pedagogika boýunça görnükli alymlary, pedagoglary we ylmy-işgärleri birleşdirýän möhüm wakadyr. Maslahatyň barşynda dil endiklerini netijeli we özboluşly özleşdirmek üçin täze gözýetimleri açýan daşary ýurt dillerini okatmakdaky öňdebaryjy çemeleşmeleri we täze tehnologiýalary ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Maslahata gatnaşyjylar üçin daşary ýurt dillerini okatmak boýunça öz tejribelerini paýlaşmaga, öz ylmy gözlegleriniň we işläp düzmeleriniň netijeleri bilen tanyşdyrmaga, şeýle hem bu ugurda döwrebap meýilleri we möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga amatly mümkinçilikler dörediler. Halkara maslahatyň çäklerinde umumy mejlis, meseleler boýunça bölümçeler we ussatlyk sapaklary geçiriler, olara gatnaşyjylar daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetindäki iň täze işläp düzmeler we bu ugurda öňdebaryjy halkara tejribesi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alarlar.
“Düzgunnama” sözüniň üstüne basyp, halkara ylmy-amaly maslahat baradaky maglumatlar bilen giňişleýin tanyşyp bilersiňiz.