Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan geçirilýän düzme ýazmak bäsleşigine hödürlenýän düzmeden edilýän talaplar

      1. Her bir gatnaşyjy berlen tema boýunça BMG-nyň resmi dilleriniň biri bolan iňlis, ispan, fransuz, rus, arap ýa-da hytaý dilinde düzme ýazmaly;
      2. Düzme her bir gatnaşyjy tarapyndan özbaşdak ýazylmaly;
      3. Düzme öň hiç ýerde çap edilmedik we hiç ýerden göçürilmedik bolmaly; başga awtorlaryň işlerinden ulanylan bolsa, salgylanmalar bilen bellenilmeli;
      4. Düzme ýazylanda emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak gadagan;
      5. Düzmäniň söz sany iňlis, ispan, fransuz, rus we arap diller üçin 300 500, hytaý dili üçin 800 - 1 000 söz aralygy bolmaly (söz sany çäklendirilmelerden az ýada artyk bolmaly däl);
      6. Düzme Times New Roman şriftde, 14 pt ölçegde ýazylmaly, sahypanyň inine deňleşdirilmeli we .doc, .docx görnüşde ýatda saklanylmaly;
      7. Faýlyň ady gatnaşyjynyň hasaba alnyş belgisi bilen ýatda saklanylmaly

(Mysal: 24000);

      1. Düzme ýazmak we ony Guramaçylyk toparynyň garamagyna ugratmak üçin gatnaşyja 180 minut (3 sagat) wagt berilýär;
      2. Düzme 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 25-ine sagat 17:00-a çenli Guramaçylyk toparynyň garamagyna patrioticyoutholymp@gmail.com elektron salga ugradylmaly;
      3. Görkezilen wagtdan gijä galan ýa-da berlen şertlere laýyk gelmeýän işler bäsleşige goýberilmeýär.