Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy Hindistan Respublikasynda geçirilen Merkezi Aziýa Ýaşlar wekiliýetine gatnaşdy

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Röwşen Myratgulyýew 2025-nji ýylyň 22-28-nji mart aralygynda Halkara ýaşlar alyş-çalyş maksatnamasynyň (International Youth Exchange Program, IYEP) çäklerinde Hindistan Respublikasynda saparda boldy. Sapar Hindistan hökümetiniň Ýaşlaryň işleri we sport baradaky ministrligi tarapyndan gurnaldy.

Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan gelen 100 wekiliň gatnaşmagynda geçirilen bu maksatnama 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Hindistan-Merkezi Aziýa sammitinde yglan edilen teklibe laýyklykda badalga berildi. Bu başlangyç ýaşlar babatdaky hyzmatdaşlyga, medeni alyş-çalyşa ýardam bermäge we Hindistan bilen Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.

Maksatnamanyň çäklerinde wekiliýet Hindistanyň binagärlik we taryhy mirasy bilen tanyşmak üçin Täj-Mahala, Agra galasyna, Humaýunyň guburhanasyna we Hindistanyň Goa ştatynyň taryhy ýerlerine, şeýle hem Hindistanyň tehnologiýa, ylmy-barlaglar we telekeçilik pudaklarynda gazanan üstünliklerini öwrenmek üçin Goa ştatynyň Söwda-senagat edarasyna baryp gördiler. Mundan başga-da, ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, liderlik we innowasiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin MY Bharat maksatnamasynyň meýletinçileri bilen duşuşyk geçirildi.

Şeýle hem, Hindistanyň daşary işler ministri, Goa ştatynyň baş ministri we häkimi bilen duşuşyk geçirilip, onda ýaşlar diplomatiýasynyň wajyplygy barada söhbet edildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapynyň wekilleri ýurdumyzyň ýaşlar syýasatyndaky özboluşly tejribesi bilen paýlaşdylar.

Hindistan Respublikasyna gurnalan bu sapar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ilerlemegine, medeniýetleriň arasyndaky özara düşünişmeklige, liderlik häsiýetleriniň ösdürilmegine we möhüm pudaklarda halkara hyzmatdaşlyga ýardam berer.