Döwrebap ýygyndy – döwrebap tejribeler
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň döwrebap bilim almagy üçin edýän aladalarynyň netijesinde ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.
2024-nji ýylyň 5-6-njy dekabrynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanda bilim ulgamyna öňdebaryjy tejribeleri we häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly bilim standartlaryny we daşary ýurt dillerini innowasiýalar esasynda okatmagy kämilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatynda toplanan oňyn tejribelerden ugur alnyp geçirilen “Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary” atly halkara ylmy-amaly maslahat munuň aýdyň subutnamasy boldy. Bu halkara maslahat “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrdy.
Ýokary derejede geçirilen “Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary” atly bu halkara ylmy-amaly maslahatyň netijeleri boýunça RINS-de (Ylmy salgylanmanyň Russiýanyň indeksi) hasaba alnan (ISBN bermek bilen) we (E-library) «Ylmy elektron kitaphananyň» saýtynda ýerleşdirilen çykyşlaryň gysgaça beýanynyň ýygyndysynyň neşir edilmegi bolsa, diňe bir okatmagyň innowasion usullarynyň wajyplygyny tekrarlamak bilen çäklenmän, mundan beýläk-de ylmy barlaglary dowam etdirmäge we pedagogik üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýar.
Ýygyndynyň elektron görnüşini ýükläp almak üçin şu salga geçiň: