«Filologiýanyň meseleleri» atly ylmy-usuly elektron žurnalyň nobatdaky täze sany okyjylara ýetirildi

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän «Filologiýanyň meseleleri» atly ylmy-usuly elektron žurnalynyň 2025-nji ýyldaky 1-nji sany internet ulgamy arkaly halk köpçüligine ýaýradyldy. Ondaky makalalar «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» boýunça amala aşyrylan okuw-usulyýet işleriniň netijelerini seljermek maksady bilen, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2024-nji ýylyň 5-6-njy dekabrynda geçirilen «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň jemlerine bagyşlandy.

Neşiriň täze sanynyň esasy aýratynlygy onda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde dünýä döwletleri bilen bilim, ylym, medeniýet ugurlary boýunça mümkinçilikleri birleşdirmäge, halklaryň we döwletleriň arasynda alnyp barylýan hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, parahatçylyga ýugrulan gatnaşyklaryň has-da berkemegine giň mümkinçilik döreden bu halkara ylmy-amaly maslahatyň ýokary netijelere beslenip geçirilendigini şöhlelendirýän maslahata gatnaşyjy daşary ýurtly we türkmenistanly alymlaryň, professor-mugallymlaryň ylmy-usuly makalalarynyň ýerleşdirilmegidir. Bu bolsa neşiriň täze sanynyň okyjylar üçin has hem täsirli bolmagyny üpjün eder.

Elektron žurnalyň geljekki sanlarynda-da türkmenistanly we daşary ýurtly awtorlaryň filologiýa, okatmagyň usulyýetine, dil bilimine, pedagogika we psihologiýa degişli makalalaryny okyjylar bilen paýlaşmak göz öňünde tutulýar.