Fransuz dili boýunça II Olimpiadanyň jemi jemlendi

2025-nji ýylyň 5-nji aprelinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň XI-XII synp okuwçylarynyň arasynda fransuz dili boýunça geçirilen II olimpiadanyň jemi jemlendi.

Iki tapgyrdan ybarat bolan bu olimpiada ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň  200-e golaýy işjeň gatnaşdylar. Olar olimpiadanyň birinji tapgyrynda “Ynanyşmak – bütin dünýäde parahat ýaşamak” atly temadan fransuz dilinde düzme ýazmak boýunça bäsleşdiler. Birinji tapgyrdan üstünlikli geçen okuwçylar ikinji tapgyrda fransuz diliniň ähli bölümlerinden ybarat bolan ýumuşlary öz içine alýan sözleýşiň okamak, diňlemek we düşünmek görnüşleri boýunça bäsleşdiler we özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Olimpiadanyň netijeleri boýunça Aşgabat şäheriniň 7-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Aýşa Nurmuhammedowa baş baýraga, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiniň okuwçysy Gunça Atajanowa birinji orna, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky 43-nji orta mekdebiniň okuwçysy Leýla Jumageldiýewa ikinji orna, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiniň okuwçysy Leýli Orazkulyýewa üçünji orna mynasyp boldy.

Fransuz dili boýunça geçirilen II Olimpiadanyň ýeňijileri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Diplomy we ýadygärlik sowgatlary, olary taýýarlan mugallymlar we işjeň gatnaşan okuwçylar institutyň Hormat haty bilen sylaglandylar. Institutyň fransuz dili hünäriniň talyplarynyň taýýarlan dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi.

Olimpiada gatnaşyjylar kämil ylymly-bilimli, döwrebap tehnologiýalardan gowy baş çykarýan, daşary ýurt dillerini bilýän, ukyply hünärmenler, Watana wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.