GDA agza döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVII forumy
2024-nji ýylyň 17-19-njy sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Başkortostan Respublikasynyň paýtagty Ufa şäherinde GDA agza döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVII forumy geçirildi. Ol Arkalaşygyň ýurtlaryndan gelen wekilleriň 200 töweregini bir ýere jemledi. Foruma Türkmenistanyň Bilim, Medeniýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işgärlerinden düzülen wekiliýet hem gatnaşdy.
Bu XVII Forumyň temasy “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy: umumy gymmatlyklar we medeniýetleriň köpdürlüligi” diýlip atlandyrylyp, onda häzirki zaman şertleriniň göz öňünde tutulmagynda hyzmatdaşlygyň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we işleriň ileri tutulýan ugurlary we görnüşleri kesgitlendi.
Umumy mejlislerde we ýörite bölümlerde ylym, bilim we sungat işgärleri hünär taýdan özara hyzmatdaşlygyň dürli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar: bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri, meýletinçilik jemgyýetiň ösüş gory hökmünde, medeniýetara dialogy döretmekde utgaşdyryjy işler.
Forumyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde GDA-nyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň däbe öwrülen çykyşy boldy. Bu ýyl hem Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikdäki konsert myhmanlary begendirdi.
Forum çärelere gatnaşanlaryň bilelikdäki işiniň jemlerini jemleýän we ýakyn geljekde öňde durýän wezipeleri beýan edýän kararnamanyň kabul edilmegi bilen tamamlandy.
Forum Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň başlangyjy bilen guralýar. Forumlaryň 2006-njy ýyldan bäri Arkalaşygyň ýurtlarynyň paýtagtlarynda nobat boýunça geçirilýändigini we Arkalaşygyň giňişliginde her ýyl geçirilýän iň uly ynsanperwer çäreleriň biridigini bellemek gerek. Ufa şäheri forumy ilkinji gezek kabul etdi. Onda geçen ýylyň netijeleri jemlendi, bilelikdäki işleriň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy, ylym, bilim, medeniýet, maglumat, syýahatçylyk, sport ulgamlary, ýaşlar bilen iş alyp barmak boýunça özara hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri boýunça teklipler işlenip düzüldi.