GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVIII forumy – hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň giň toplumy

2025-nji ýylyň 14-15-nji maýynda Türkmenistanyň wekiliýeti GDA gatnaşyjy döwletleriň «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy: ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri» atly döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVIII forumyna gatnaşdy. Wekiliýetiň düzüminde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem mugallymy bar.

Forum GDA döwletleriniň ylym, medeniýet, bilim, sungat we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň arasynda gepleşikler üçin möhüm platforma öwrüldi. Bu çäre ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamak, umumy taryhy we medeni mirasy gorap saklamak maksady bilen geçirildi.

15-nji maýda GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVIII forumynyň çäginde Duşanbe şäherinde «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy: ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri» şygary bilen «Arkalaşygyň ylym we bilim ugurlary» atly tematiki bölüm geçirildi.

Bölümde GDA ýurtlaryndan öňdebaryjy hünärmenler, alymlar, mugallymlar we döwlet edaralarynyň wekilleri ýygnandy, olar sanlylaşdyrma, globallaşma we çalt tehnologiki ösüş şertlerinde ylym we bilimi ösdürmegiň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy A.Berdigylyjowa bu bölümde çykyş etmek bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde sanly bilim ulgamyny ösdürmekde gazanylan üstünlikler, innowasion bilim çözgütleriniň durmuşa geçirilişi, okatmagyň innowasion usullary bilen utgaşdyrylyp, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagy, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty, ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda durup geçdi. Şeýle hem Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda halkara ylmy alyş-çalyşlaryň we bilelikdäki taslamalaryň ähmiýetine üns çekdi.

Umuman, türkmen wekiliýetiniň Duşanbede geçirilen «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy: ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri» atly döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVIII forumyna gatnaşmagy netijeli häsiýete eýe bolup, ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we bu ugurda gymmatly tejribe toplamakda möhüm ähmiýetlidir.

Goý, ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde buýsanja mynasyp işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!