HAKYDA GÖWHERI - MÜDIMI MIRASYŇ BEÝANY

Şöhratly taryhymyz,  baý medeni mirasymyz halkymyzyň gözüniň göreji deý gorap, biziň günlerimize ýetiren gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarynyň bitewi ulgamydyr. Bu gymmatlyklaryň birnäçesi dünýä mirasynyň genji-hazynasy hökmünde hem giňden ykrar edildi. Türkmen halkynyň şeýle mukaddeslikleriniň waspy Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň mazmunynda beýan edilýär.

Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň mazmunynda beýan edýän mukaddes ündewleriniň esasynda halkymyzyň bütin taryhyň dowamynda döreden hem-de bize miras galdyran milli gymmatlyklaryna, şan-şöhratly ýoluna, taryhda uly yz galdyran şahsyýetlerimize bolan ygrarlylygyny ýaşlaryň aňyna ýetirmek maksady bilen  wagyz-ündew ähmiýetli dabaraly maslahat geçirildi. "Müdimi miras” ady bilen geçirilen maslahat Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň  we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikde guramagynda geçirildi.             Maslahatyň dowamynda türkmen dilinde we Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerinde edilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň "Hakyda göwheri" atly baý mazmunly eserinde türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetine goşan ägirt uly goşandy we dünýä taryhyndaky orny barada ylmy taýdan delillendirilen gymmatly maglumatlar giňden beýan edildi.  Bu bolsa ýaşlary milli-medeni mirasymyza, geçmiş taryhymyza sarpa goýmak we watançylyk ruhunda terbiýelemekde alnyp barylýan işlere özboluşly goşant goşdy.

Dabaranyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň “Altyn miras” medeniýet merkeziniň döredijilik toparynyň ýerine ýetiren ajaýyp döwrümizi, milli mirasymyzy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyryp,

Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde ajaýyp kitaplaryny halkymyza sowgat edýän, milli ýol-ýörelgelerimize, baý mirasymyza çäksiz sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.