Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň bähbidine hyzmatdaşlyk
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda hem-de ýurdumyzyň ÝUNESKO kafedralarynyň, klublarynyň, Assosirlenen mekdepleriniň toruna agza mekdepleriň gatnaşmagynda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň bähbidine hyzmatdaşlyk” atly onlaýn okuw maslahaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň parahatçylyk syýasatynyň mazmunyny giňişleýin açyp görkezýän, ýuneskoçylaryň bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň bähbidine hyzmatdaşlyk babatdaky pikirleriniň, teklipleriniň we sowallarynyň ara alyp maslahatlaşylan netijeli maslahaty boldy.
Maslahatda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi, Türkmenistanyň Gahrymany Ç. Rüstemowa çykyş edip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň uly üstünliklere beslenip başy başlanan ýyldygyny bellemek bilen, BMG bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygynda ÝUNESKO-nyň ýörelgelerine esaslanyp alnyp barylan işleriň netijeleri, gazanylan üstünlikler we öňde durýan wezipeler dogrusynda giňişleýin çykyş etdi.
Şonuň ýaly-da «Ählumumy parahatçylyga, abadançylyga, durnukly ösüşe gönükdirilen bilim özgertmeleri», «Türkmenistandaky ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň milli torunyň işini kämilleşdirmek we öňdebaryjy halkara tejribelerden peýdalanmak» ýaly temalardan hem täsirli çykyşlar bolup, olaryň mazmunyndan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde barha gülleýän Bitaraplygymyzyň berýän miweleri, ýuneskoçylar üçin akyl sandyklaryna öwrülen parasatly kitaplarynyň mazmuny özboluşly sazlaşygy döretdi we diňleýjilerde uly täsir galdyrdy.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň bähbidine hyzmatdaşlyk” atly onlaýn okuw maslahatyna gatnaşyjylar ýurdumyzda uludan belleniljek Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna buýsançly seslenmeleri we Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize Türkmenistan – ÝUNESKO: diýardan ýaýran ýollarymyzy rowaçlyklara besleýändikleri üçin alkyşlaryny aýtmak bilen okuw maslahatyny jemlediler.