Halypa-şägirtlik mekdebi
Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýeläp ýetişdirmekde pederlerimizden miras galan milli ýol-ýörelgelerimiziň aýratyn ähmiýeti bardyr.
2024-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan möhüm sene hökmünde yglan edilen Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň birine – ýaşululara hormat goýmak, mährem enelerimizden ak pata almak ýörelgesine eýerilip geçirilen “Ýaşulularyň göreldesi – manyly ömrüň ýörelgesi” atly dabara munuň aýdyň şaýadyna öwrüldi. Dabarada edilen çykyşlarda, ýaňlanan aýdym-sazlarda öýlerimiziň, toýlarymyzyň we jemgyýetimiziň bezegi, akyl-paýhasyň, pähim-parasadyň egsilmez çeşmesi bolan ýaşuly nesillerimiz belentden wasp edildi.
Gadymdan gelýän türkmençilik ýörelgeleriniň beýany bolan “Garry – öýüň sütüni”, “Ýigit –söweşde, garry –geňeşde”, “Ata barynda – ogul ýaş, aga barynda ini ýaş”, “Ata razy – Hudaý razy. Ene razy – pygamber razy” kimin nakyllardan görnüşi ýaly baý durmuş tejribeli ýaşulularymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň häzirki we geljekki üstünliklerimiziň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmek hakyndaky ündewleri, hoşniýetlilik, watansöýüjilik we ynsanperwerlik hakyndaky öwüt – nesihatlary agzybirligimizi, jebisligimizi has-da pugtalandyrýar.
Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bilen birlikde ýaşuly nesil barada hem bimöçber işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi, mähriban halkymyzy Ýaşulularyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, il sylagly ýaşulularyň danalyk mekdebi dowamat-dowam bolsun!
Ýaşuly nesle belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!