Hoşniýetli gatnaşyklaryň aýdyň nusgasy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda özara ynanyşmak, düşünişmek, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Dünýä döwletleriniň arasynda Garaşsyz Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ilkinji bolup ýola goýan Hytaý Halk Respublikasy häzirki wagtda ýurdumyzyň örän möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir.
2025-nji ýylyň 21-25-nji maý aralygynda türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Bilim departamenti tarapyndan Sian şaherinde geçirilýän «Ýüpek ýolunyň ugrunda senagat, bilim, gözleg we amaly hyzmatdaşlyk – 2025» atly halkara maslahata gatnaşýar. Wekiliýetiň düzüminde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen dowlet mugallymçylyk institutynyň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary bar.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy G.Rejepowa halkara maslahatda türkmen wekiliýetiniň adyndan çykyş etdi. Ol öz çykyşynda häzirki wagtda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde uly işleri durmuşa geçirýändiklerini, bu ugurda ählumumy başlangyçlaryny öňe sürýändiklerini we türkmen ýaşlarynyň Hytaý Halk Respublikasynyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlar boýunça bilim alýandyklaryny belläp geçdi.
Bu geçirilýän halkara maslahata türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki milli däp-dessurlara, ata-babalaryň geçen ýoluna, ol menzilleriň şaýady bolan taryhy ýadygärliklere hormat bilen garamak, olary geljekki nesiller üçin aýap saklamak, gadymy ýörelgeleri mynasyp dowam etdirmek... şu häsiýetnamany türkmen halkyna-da, hytaý halkyna-da degişli edip bolar. Sebäbi «Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz» diýen manydaky düşünje Hytaýda-da durmuş ýörelgeleriniň biri hökmünde müňýyllyklaryň dowamynda üýtgewsizligine gelýär. Türkmenistanyň Ýewropanyň we Aziýanyň, Günbataryň we Gündogaryň birleşýän ýerinde, Gahryman Arkadagymyzyň şahyranalyk bilen häsiýetlendirişi ýaly: «Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde» ýerleşmegi gatnaşyklary birek-birege hormat goýmakdan başlaýan türkmen-hytaý halklaryny asyrlaryň dowamynda dürli babatda ýakynlaşdyryp geldi.
Wagtyň synagyndan geçen türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny täze
many-mazmun bilen baýlaşdyrmakda, dostlukly, özara hormat goýmak we ynanyşmak, deňhukuklylyk häsiýetine eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmekde ählumumy başlangyçlary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlarynda hemişe üstünlikler hemra bolsun.
Goý, barha boý alýan, ösýän, ulalýan türkmen-hytaý dost-doganlyk daragty gatnaşyklary asyrlaryň gözbaşyndan gaýdýan agzybir milletlere parahatlyk saýasyny salsyn!