Hünär kämilligi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlyk ugrunyň gerimi barha giňeldilýär. Dünýä döwletleri bilen ysnyşykly we netijeli syýasy we ykdysady, şol bir wagtda medeni we ynsanperwer gatnaşyklar işjeň ösdürilýär.
Ýaponiýa Türkmenistanyň ygtybarly, strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolmak bilen häzirki wagtda däp bolan türkmen-ýapon dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykyp, halkara derejede uly ösüşlere eýe bolýar.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem Ýaponiýanyň Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýandygyny we türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň netijeli, sazlaşykly hem-de däbe öwrülen dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen belleýär.
Medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar hem döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, bu hyzmatdaşlyk milli gymmatlyklary, köpasyrlyk baý däp-dessurlary açyp görkezmekde we halk köpçüligini olar bilen tanyşdyrmakda möhüm hasaplanylýar. Bu ulgamda tejribe alyşmak hyzmatdaşlygyň täze ugurlar arkaly baýlaşdyrylmagyny üpjün edýär.
Ýaponiýanyň bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýalar ministrligi (MEXT) daşary ýurtly talyplary üçin “Ýapon dili we ýapon medeniýeti” atly maksatnama boýunça her ýyl dürli ýurtlarda synaglary geçirýär. 2024-nji ýylyň fewral aýynyň 25-ine Türkmenistandaky Ýaponiýanyň ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzyň paýtagtymyz bolan Aşgabat şäherinde 2024-2025-nji okuw ýyly üçin synagy geçirildi. Synag geçirilende Türkmenistanyň raýatlary bilen deň hatarda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýapon dili hünäriniň talyplary hem gatnaşdylar. Synaglaryň netijeleri boýunça Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň ýapon dili hünäriniň ÝPD 301-nji toparyň talyby Paýraňow Myratgylyç, ÝPD 202-nji toparyň talyplary Orazdurdyýew Myrat we Sapageldiýew Eziz synaglary üstünlikli tabşyryp, Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde 1 ýyllyk bilim almaga hukuk gazandylar.
Birnäçe ýyllaryň dowamynda institutymyzyň ýapon dili hünäriniň talyplary Ýaponiýanyň baýry ýokary okuw mekdeplerinde ýapon diliniň we ýapon medeniýetiniň inçe syrlaryny öwrenýärler. 2024-2025-nji okuw ýylynda hem talyplarymyz Paýraňow Myratgylyç we Orazdurdyýew Myrat Tokio şäheriniň Soka uniwersitetinde, şeýle hem, Sapageldiýew Eziz Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetinde bilim alarlar.