Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barha rowaçlanýar

2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Britaniýanyň Nottingham Trent uniwersitetiniň wekilleri professor Martin Sewior we doktor Sam Barkleý institutyň iňlis dili mugallymlary bilen duşuşdy.   

Duşuşygyň barşynda hormatly myhmanlar Beýik Britaniýanyň gadymy uniwersitetleriniň biri, dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlaýan Nottingham Trent uniwersiteti bilen ýakyndan tanyşdyryp, Beýik Britaniýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän “Merkezi Aziýada iňlis diliniň öwrenilişini tizleşdirmek” atly maksatnama boýunça işleýändikleri,    iňlis dilini okatmakda işjeň ulanylýan usullar,  iňlis dili öwredilende aýratyn   üns berilýän meseleler dogrusynda gürrüň berdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar özara tejribe alyşmak, şeýle-de hünär derejesini kämilleşdirmek maksady bilen tejribe-synag geçirdiler. Bu geçirilen tejribe synagda duşuşyga gatnaşýan mugallymlar respondent hökmünde gatnaşyp, olar 3-4 adamdan ybarat toparlara bölündi hem-de olara “Ulanýan usulyýetiňizdäki 3 sany meňzeşlik haýsy?”, “Ulanýan usulyýetiňizdäki 3 sany tapawut haýsy?” ýaly soraglar bilen ýüzlenildi hem-de bu soraglaryň jogaplaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin olara 5 minut wagt berildi, mugallymlar öz pikirlerini beýan etdiler.

Netijede mugallymlaryň hemmesiniň dürli tehnologiýalardan, kä halatlarda meňzeşräk usulyýetden peýdalanýandyklary, talyplary bir meňzeşräk şekilde bahalandyrýandyklary, käbir mugallymlaryň umumy okuwlary, käbirleriniň bolsa amaly sapaklary okadýandyklary, şeýle hem käbir mugallymlaryň emeli intellekti has köpräk, käbirleriniň bolsa azrak ulanýandyklary ýüze çykaryldy.

Şeýle-de mugallymlaryň myhmanlaryň beren “Haýsy 3 sany zat mugallymyň işini ýeňilleşdirýär we haýsy 3 sany zat bolsa mugallymyň işini kynlaşdyrýar?” diýen soragyna beren jogaplarynyň netijesinde okamaga höwesli talyplaryň, taýyn okuw materialyň, tehnologiýalaryň işi ýeňilleşdirýändigi, wagtyň ýeterlik bolmazlygynyň, kä halatlarda materialyň ýetmezçiliginiň işi kynlaşdyrýandygy ýüze çykaryldy hem-de bu meseleleri aradan aýyrmagyň ýollary barada pikir alyşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döwletara gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny bildirip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny,
il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.