Iňlis dili boýunça III Olimpiadanyň jemi jemlendi

2025-nji ýylyň 29-njy martynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň XI-XII synp okuwçylarynyň arasynda iňlis dili boýunça geçirilen III olimpiadanyň jemi jemlendi.

Iki tapgyrda geçirilen bu olimpiada ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň 2000-e golaýy işjeň gatnaşyp, “Peace begins with us” atly temadan iňlis dilinde düzme ýazmak boýunça bäsleşen bolsalar, ikinji tapgyrda birinji tapgyrdan üstünlikli geçen okuwçylar, iňlis diliniň ähli bölümlerinden ybarat bolan ýumuşlary öz içine alýan sözleýşiň okamak, diňlemek we düşünmek görnüşleri boýunça bäsleşdiler, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Olimpiadanyň netijeleri boýunça Mary welaýatynyň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw derslerinden ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň okuwçysy Aýzada Jumaýewa birinji orna, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçysy Leýli Sapargeldiýewa we Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň 27-nji orta mekdebiniň okuwçysy Dawut Kürräýew ikinji orna, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 10-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Gülgunça Ruslanowa, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň
40-njy orta mekdebiniň
okuwçysy Aýsoltan Annakowa we Aşgabat şäheriniň 51-nji orta mekdebiniň okuwçysy Timur Kazimow üçünji orna mynasyp boldylar.

Iňlis dili boýunça geçirilen III Olimpiadanyň ýeňijileri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Diplomy we ýadygärlik sowgatlary, olary taýýarlan mugallymlar we işjeň gatnaşan okuwçylar institutyň Hormat haty bilen sylaglandy. Institutyň iňlis dili hünäriniň talyplarynyň taýýarlan konserti dabaranyň şatlyk-şowhunyny artdyrdy.

Olimpiada gatnaşyjylar okamaga, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza  öz hoşallyklaryny  aýtdylar we janlarynyň sag, işleriniň rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.