Kalplarda Watan mukaddesligi
Türkmenistanyň Mukaddes Garaşsyzlygynyñ 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýän döwründe Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty: Döwletliligiň, berkararlygyň, halk wekilliginiň we demokratiýanyň milli nusgasy” atly duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň we esasy ýörelgeleriniň halkyň eşretli durmuşyny üpjün edýän, raýatlara ruhubelentligi berýän, ýaşlara jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaga höwes döredýän, özleri barada edilýän tagallalara we bildirilýän uly ynama ygrarlylyk duýgusyny has-da ýokarlandyrýan täsiri barada çykyşlar edildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy siňen eserleriniň mazmunynda Watan mukaddesligi, halal zähmet, ata-baba däp-dessurlaryna wepalylyk barada hem-de öňe, öňe, diňe öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň ösüşlerini zehinli ýaşlaryň gujury-gaýraty bilen dowamat-dowam etmegiň nesilleriň öňünde mukaddes borçdygyny giňişleýin ündediler.
Ýokary okuw mekdebiň “Altyn miras” medeniýet merkeziniň halk saz gurallary toparynyň Magtymguly Pyragynyň sözlerine “Bu gün” halk aýdymyny, Gahryman we alym Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly parasatly kitabynyň mazmuny esasynda taýýarlanan “Ömrüň manysynyň dowamatynda” hem-de “Guwanýan” atly ajaýyp aýdymlary duşuşygyň mazmunynyň ýaşlaryň aňynda we kalbynda orun almagyna täsir ediji mukam bolup ýaňlandy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan Türkmenistan Watanymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan we durmuşa ornaşdyrýan ylmy, bilimi täze belentliklere ýetirmekdäki maksatnamalaýyn işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözleri aýdyldy.