Hoşniýetli türkmen-koreý hyzmatdaşlygy
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da gerimini giňeldýär. Dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlyk ýurtlaryň hem-de olaryň halklarynyň bähbidine gönükdirilendir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly Türkmenistan we Koreýa Respublikasy bir bitewi medeni giňişlige degişli bolup, ýurtlarymyzyň halklary dünýägaraýşy, medeniýeti, edebi ýörelgeleri boýunça biri-birine ýakyndyr. Bu bolsa medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda ylym we bilim hyzmatdaşlygy hem ösdürmäge oňaýly esaslary döredýär.
Häzirki wagtda Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda bilim, ylym babatda hem giň gerimli hyzmatdaşlyk üstünlikli alnyp barylýar. Iki ýurduň hünärmenleriniň, alymlarynyň tejribe alyşmagy bilim, ylym ulgamynda türkmen-koreý ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ugurlaryň biri hökmünde öňe çykýar.
2008-nji ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda koreý dili hünäriniň açylmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ýokary okuw mekdebinde türkmen ýaşlaryna koreý dilini okatmakda Koreýa Respublikasyndan gelen mugallymlaryň zähmet çekmegi daşary ýurt dilini okatmakda oňyn netije berýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistandaky Koreýa Respublikasynyň ilçihanasy bilen hyzmatdaşlgyň koreý dili hünäri açylan gününden başlap ýola goýulmagy okuw-usuly, ylmy-barlag işleriniň netijeli alnyp barylmagyna ýakyndan ýardam berýär.
2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň 12-sinde Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň 2-nji derejeli sekretary hanym Çen Miň Gýoňyň, şeýle hem, ilçihananyň iş dolandyryjysy hanym Çwe He Wonyň gatnaşmagynda koreý dili hünäriniň talyp ýaşlary we mugallymlary üçin okuw kitaplary we sözlükleri sowgat edildi.
Biz hem koreý dili hünärmenleri hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynamyny ödäp, şol gatnaşyklary ösdürmäge öz goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys.