Magtymguly Pyragynyň mekdebi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly pikirleriniň, jöwher paýhasynyň hem-de türkmeniň beýik danasyna bolan sarpasynyň göwheri bolan «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň mazmunyny giňişleýin wagyz etmek maksady bilen kitabyň «Magtymguly Pyragynyň mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary» atly bölüminiň mazmunyna bagyşlanan “Magtymguly Pyragynyň mekdebi” atly, ýurdumyzyň magtymgulyşynaslarynyň gatnaşmagynda brifing geçirildi.

Ynsan kalplaryna nur paýlaýan bu ajaýyp kitabyň mazmunynda Magtymguly Pyragynyň bize miras goýan mekdebi we onuň esasynda kemala gelen magtymgulyşynaslar, olaryň ýazan eserleri barada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesi, magtymgulyşynas, alym zenan Täzegül Täçmämmedowa, institutyň halypa professor mugallymlary çykyş etdiler. Baý mazmuna beslenen söhbetdeşligiň diňleýjileriň aňyna we kalbyna ornaşmagy üçin bolsa, bu brifingi bilelikde gurnaýjy bilim we sungat ojagy, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professor mugallymlary, at gazanan bagşylary, halk artistleri Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna düzülen halk aýdymlaryny şirin owazlary bilen ýerine ýetirmek bilen özleriniň goşantlaryny goşdular.

Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp kitabynyň soňky sahypalarynda magtymgulyşynaslaryň dowamaty barada beýan edýän buýsançly sözlerine seslenen diňleýjiler we çykyş edenler, giň mazmundaky wagyz işleriň, ýazylýan ylmy işlerde, bilim-terbiýeçilik işlerinde hem şöhlelendiriljekdigine ynandyrdylar. Hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur alkyşlaryny aýtdylar.

ÝUNESKO-nyň arzyly sanawyna özüniň aýratynlyklary bilen giren dutar milli saz guralymyzyň şirin mukamyna eýlenen halk aýdymlarynyň belent owazy bilen asyrlar boýun parahatçylygyň ilçisi hökmünde bu Berkarar diýara mizemez köküni uran Magtymguly Pyragynyň dana setirleri diňleýjileriň kalplaryna hakyda göwherleri kimin düzüldi.