Merkezi Aziýada iňlis dilini öwrenmegi işjeňleşdirmek boýunça amaly-usuly okuw

2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 9-11-i aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Özbek Döwlet dünýä dilleri uniwersitetinde iňlis dilini okatmak boýunça hünärmenleriň we mugallymlaryň hünär derejelerini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly “Merkezi Aziýada Iňlis dilini öwrenmegi işjeňleşdirmek” atly halkara amaly-usuly okuwy Britan geňeşiniň başlangyjy esasynda geçirildi. Merkezi Aziýanyň 45 sany öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň ýagny, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň wekilleri bu amaly-usuly okuwa gatnaşdylar.

Bu çärä türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň uly ylmy işgäri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy we Döwletmammet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary gatnaşdylar.

         PRESETT maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen amaly-usuly okuwda Merkezi Aziýada iňlis dili mugallymlarynyň hünäriniň üznüksiz kämilleşdirilmegine we refleksiw tejribäniň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

         Amaly-usuly okuw Norwiç Dil öwretmegi kämilleşdiriş institutynyň öňdebaryjy hünärmenleri Lisa Mann we Tom Kiddl tarapyndan geçirildi.

Geçirilen amaly-usuly okuwy Merkezi Aziýa ýurtlarynda iňlis dilini öwretmek işine saldamly goşant goşar we gatnaşyjylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga itergi berer.