Meýletinçiler we terjimeçiler üçin ilkinji umumy sapagy
2025-nji ýylyň 20-nji martynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelerine meýletinçileri taýýarlamak bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan ybarat bolan meýletinçilere we terjimeçilere onlaýn görnüşde ilkinji umumy sapagy geçirildi.
Bu umumy okuw sapagyny Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň uly mugallymy O.Berdiýewa we Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň uly mugallymy L.Geldiýewa alyp bardy. Onda Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň türkmen meýletinçileri üçin ýol görkezijidigi, meýletinçilik hereketi, onuň aýratynlyklary, maksatlary we wezipeleri, ilkinji meýletinçilik hereketiniň ýüze çykyşy, meýletinçilik işiniň ugurlarynyň görnüşleri, häzirki döwürde meýletinçilik hereketiniň ösüşi we ähmiýeti, meýletinçiniň hünär taýýarlygy we özüni alyp barmak medeniýeti barada giňişleýin gürrüň berildi.
Umumy okuw sapagyň dowamynda mugallymlaryň çykyşlarynyň talyp ýaşlaryň gyzykly sorag-jogap alyşmalary bilen özara utgaşmagy bolsa sapagyň täsirli we netijeli geçendigine şaýatlyk edýär.