M.W.Lomonosow adyndaky MDU-nyň hünäri kämillleşdiriş okuwlary başlandy

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda mugallymlar we ýokary ýyllaryň talyplary üçin M.W.Lomonosow adyndaky MDU-nyň onlaýn hünäri kämilleşdiriş okuwlary başlandy. Okuwlaryň maksatnamasynda rus edebiýatyny okatmagyň derwaýys meseleleri boýunça umumy okuwlaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.  

Okuwlar institutyň okuw otaglarynyň birnäçesinde geçilýär. Olara esasan geljekki rus dili mugallymlaryny taýýarlaýan rus dili we edebiýaty fakultetiniň, şeýle hem beýleki fakultetleriň mugallymlarydyr talyplary gatnaşýar. Okuwlary geçýän mugallymlaryň arasynda M.W.Lomonosow adyndaky MDU-nyň Rus dili we medeniýeti institutynyň direktory Waleriý Çastnyh, şol uniwersitetiň iň täze rus edebiýatynyň taryhy we häzirkizaman edebi proses kafedrasynyň müdiri, professor Mihail Golubkow, professor Lew Trahtenberg ýaly belli rus alymlary, dilçileri we ýazyjylary bar.   

Russiýaly kärdeşler öz çykyşlarynda biziň halklarymyzyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetlidigini nygtap geçdiler. Olar rus edebiýatynda türkmen halkynyň XX asyryň başlaryndaky durmuşyny çeper suratlandyrýan eserleriň bardygyna üns çekdiler. Bu bolsa görnükli rus ýazyjylarynyň biziň halkymyza we onuň medeniýetine uly gyzyklanma bilen garandyklaryna şaýatlyk edýär. Şeýle awtorlaryň biri A.M.Gorkiý adyndaky edebiýat institutynyň rektory, görnükli ýazyjy Alekseý Warlamow türkmen durmuşyny çeper beýan etmekde ýazyjy Andreý Platonowyň aýratyn hyzmatlarynyň bardygyny belläp geçdi.

Hünäri kämilleşdiriş okuwlarynyň maksatnamasy rus edebiýatyny okatmagyň usuly esaslary, bu ugurda bar bolan öňdebaryjy we derwaýys gazanylanlar hem-de iş tejribesi, şeýle-de torlaýyn edebiýat we häzirkizaman edebi progres bilen içgin tanyşdyrmaga gönükdirilýär.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmegiň meseleleri ylym-bilim ulgamyny ösdürmegiň milli strategiýasynda ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitlendi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň esasynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly hem-de öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bilim-ylym ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, bu ugurda netijeli bilelikdäki çäreleri geçirmäge giň ýol açyldy.