Nemes dili boýunça II Olimpiadanyň jemi jemlendi

2025-nji ýylyň 15-nji martynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň XI-XII synp okuwçylarynyň arasynda nemes dili boýunça gecirilen II olimpiadanyň jemi jemlendi.

Iki tapgyrda gecirilen bu olimpiada ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň         300-e golaýy işjeň gatnaşyp, “Ahalteke bedewleri-türkmeniň uçar ganaty” atly temadan nemes dilinde düzme ýazmak boýunça bäsleşen bolsalar, ikinji tapgyrda  birinji tapgyrdan üstünlikli geçen okuwçylar, nemes diliniň ähli bölümlerinden ybarat bolan ýumuşlary öz içine alýan sözleýşiň okamak, diňlemek we düşünmek görnüşleri boýunça bäsleşdiler, özleriniň ukyp, başarnyklaryny görkezdiler.

Olimpiadanyň netijeleri boýunça Aşgabat şäheriniň 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Ejeş Annaýewa baş baýraga, Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ruslana Zaýnutdinowa birinji orna, Lebap welaýatynyň Türkmenabat  şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň okuwçysy Abdysettar Abdyýew ikinji orna, Aşgabat şäheriniň 29-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Şatlyk Babaýew üçünji orna mynasyp boldy.

Nemes dili boýunça geçirilen ikinji Olimpiadanyň ýeňijileri   Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Diplomy we ýadygärlik sowgatlary,  olary taýýarlan mugallymlar we işjeň gatnaşan okuwçylar institutyň Hormat haty bilen sylaglandy. Institutyň nemes dili hünäriniň talyplarynyň   taýýarlan konserti  dabaranyň şatlyk-şowhunyny artdyrdy.

Olimpiada gatnaşyjylar okamaga, döretmäge şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza  öz hoşallyklaryny  aýtdylar, olaryň janlarynyň sag bolmagyny, işleriniň rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.