Özara tejribeler - üstünligiň açary
2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda Britaniýanyň Nottingham Trent uniwersitetiniň wekilleri professor Martin Sewior we doktor Sam Barkleý Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň taýýarlygyň pedagogika bilimi (iňlis dili) ugrunyň 413-nji toparynda “Iňlis dilinde diňleme we sözleýiş” dersi boýunça “Sungaty näme meşhur edýär we Manganyň meşhurlygy” atly temadan geçirilen sapaga gatnaşdylar. Bu sapak usulyýetiň talaplaryna laýyk guralandygy, onda göz öňünde tutulan işleriň ählisiniň talabalaýyk geçirilendigi bilen tapawutlandy. Mugallymyň sapakda ulanan okatmagyň çekişme usuly Britaniýanyň Nottingham Trent uniwersitetiniň wekilleri tarapyndan makullandy.
Soňra Britaniýanyň Nottingham Trent uniwersitetiniň wekilleri Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň taýýarlygyň pedagogika bilimi (iňlis dili) ugrynyň 116-njy toparynda “Iňlis diliniň amaly kursy” dersinden geçirilen sapaga gatnaşdylar. Bu sapagyň başynda mugallymyň talyplar bilen adamlaryň häsiýetini suratlandyrýan “Warm-up activity” geçirmegi, talyplaryň fransuz ýazyjysynyň jümlesi barada öz pikirlerini erkin beýan etmekleri olarda uly kanagatlanma döretdi. Mugallymyň sapagy okatmagyň usulyýetiniň talaplaryna laýyk guramagy hem-de talyplaryň ählisiniň sapaga işjeň çekmegi başarmagy, sapaga mugallymyň döredijilikli çemeleşmesi Britaniýanyň Nottingham Trent uniwersitetiniň wekilleri tarapyndan aýratyn bellenildi.
Olar mugallymlaryň okuw işine şeýle jogapkärçilikli çemeleşmeleriniň oňyn netijeleriň açarydygyny bellediler we işlemäge, döretmäge, kämilleşmäge döredilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.