Pars dilini goramak we Abulkasym Ferdöwsini hatyralamak güni

Häzirki wagtda Türkmenistan we Eýran dürli ugurlar boýunça iki tarapyň hem milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy täze derejä çykarýarlar. Ähli esasy ugurlar bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem aýratyn üns berilýär.

2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mejlisler jaýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň, Ilçihananyň işgärleriniň, Ilçihananyň Medeniýet merkeziniň ýolbaşçysynyň we işgärleriniň, pars dilini öwrenijileriň, şeýle hem institutyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda “Pars dilini goramak we Abulkasym Ferdöwsini hatyralamak güni” dabarasynyň geçirilmegi türkmen-eýran medeni gatnaşyklaryna aýratyn öwüşgin berdi.

Dabaranyň başynda çykyş eden Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani we Ilçihananyň Medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy şu geçirilýän dabaranyň dostlukly gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň gadymy taryhyna eýe bolan türkmen-eýran halklarynyň ynanyşmaga esaslanan gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendigini bellediler.

Soňra dabaranyň maksatnamasyny Magtymguly Pyragynyň we Abulkasym Ferdöwsiniň türkmen we pars dillerinde ýerine ýetirilen goşgulary, olaryň goşgularyna düzülen aýdymlar, “Şanama” eserinden pars dilinde parçalar we “Altyn miras” medeniýet merkeziniň döredijilik toparynyň ýerine ýetiren halk döredijiliginiň köpöwüşginli nusgasy bolan küştdepdi tansy düzdi.

Goý, iki ýurduň halklaryny we medeniýetlerini ýakynlaşdyrmakda, döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer, söwda-ykdysady, syýasy-diplomatik we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, halkara hyzmatdaşlykda barha gerimi giňeýän batly gadamlary diňe rowaçlyklara beslensin.