TALYP ÝAŞLARYMYZYŇ HALKARA BÄSLEŞIGINDÄKI ÜSTÜNLIGI

2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen «Frankofoniýa – 2026» halkara festiwaly Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplarynyň ýokary bilim derejesini we döredijilik ukyplaryny ýene bir gezek aýdyň subut etdi. «Hereketde» (En mouvement) şygary astynda guralan bu medeni dabarada institutymyzyň talyplary dürli ugurlar boýunça bäsleşip, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Aýdym aýtmak bäsleşiginde institutyň talyplary özleriniň fransuz dilindäki kämil bilimi we ýokary ýerine ýetirijilik ukyby bilen bäsleşigiň iň ýokary baýraklaryny eýelediler. Bu ugurda Taýýarlygyň pedagogika bilimi (fransuz we iňlis dilleri) ugrunyň 3-nji ýyl talyby Meňli Merdanowa özüniň ajaýyp zehini bilen birinji orna mynasyp boldy. Şeýle hem, şol ugruň 1-nji ýyl talyby Hatyja Jumaýewa bäsleşikde ukyp-başarnygyny görkezip üçünji orny eýelemegi başardy.

Düzme ýazmak bäsleşigi bolsa talyplarymyzyň dil baýlygyny we çeper pikirlenmek ukybyny açyp görkezen üstünlik meýadançasyna öwrüldi. Bu ugurda Taýýarlygyň pedagogika bilimi (fransuz we iňlis dilleri) ugrunda bilim alýan talyplar bäsleşigiň ähli baýrakly orunlaryny eýeläp, institutymyzyň abraýyny has-da belende göterdiler. Bäsleşigiň netijelerine görä, 4-nji ýyl talyp Güljemal Güýjowa birinji orna, 3-nji ýyl talyp Albina Zaripowa ikinji orna we 4-nji ýyl talyp Güljemal Geldimyradowa üçünji orna mynasyp boldular.

Festiwalyň sylaglanyş dabarasynda ýeňijilere Diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Gazanylan bu üstünlikler institutymyzda daşary ýurt dillerini öwretmekde we ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekde yzygiderli alnyp barylýan işleriň netijesidir.

Dilçi ýaşlaryň hünär dillerini kämil derejede öwrenmegi we öz zehinlerini açyp görkezmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin.