Talyplar bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyň çäginde Britaniýanyň Nottingham Trent uniwersitetiniň wekilleri professor Martin Sewior we doktor Sam Barkleý Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili hünäriniň III we IV ýyl talyplary bilen duşuşdy.
Netijeli geçen duşuşygyň barşynda Nottingham Trent uniwersitetiniň doktory Sam Barkleý ilki bilen ýurdumyzyň myhmansöýer türkmen halky we täsin medeniýeti barada aýratyn kanagatlanma bilen belläp, talyplary özüniň zähmet çekýän Britaniýanyň Nottingham Trent uniwersiteti bilen tanyşdyrdy. Duşuşygyň dowamynda myhman tejribe barlagyny geçirmek maksady bilen talyplara okatmagyň usulyýeti bilen baglanyşykly toparlaýyn işlemek üçin ýörite ýumuşlary berdi we onuň esasynda talyplar ýumuşlary ýerine ýetirdiler.
Soňra Nottingham Trent uniwersitetiniň professory Martin Sewior talyplar bilen okatmagyň usulyýeti boýunça ýekebara sorag-jogap alyşmak bilen daşary ýurt dillerini okatmakda duş gelýän kynçylyklar we olary ýeňip geçmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Nottingham Trent uniwersitetiniň wekilleri professor Martin Sewior we doktor Sam Barkleý duşuşyga gatnaşan talyplaryň öz pikirlerini erkin beýan edip bilýändiklerini kanagatlanma bilen belläp, olaryň hünar dilini kämil derejede öwrenýändikleri we işjeň gatnaşygy barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygy alyp barmaga, özara tejribe alyşmaga şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.