Türkmen bitaraplygy — dünýä gymmatlygy

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylygynda 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli “Türkmen bitaraplygy — dünýä gymmatlygy” atly BMG-niň resmi iş dillerinde maslahat geçirildi.  Giň mazmuna beslenen, dünýä dillerinde wagyz edilen bu maslahatda: “Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz — eziz Türkmenistandyr! Watanymyzyň ýeten bu beýik derejesine guwanmaga haklydyrys. Oňa ak ýürekden hyzmat etmek bolsa, hemmämiziň mukaddes borjumyzdyr” diýen buýsançly jümleler belentden ýaňlandy.

 Maslahatda talyp ýaşlaryň Oguz han atamyzdan şu günlere gelip ýeten döwletlilik ýörelgelerimizi we türkmeniň parahatçylyk taglymatyny beýan edýän “Asyrlaryň arzuwy” atly edebi-sazly kompozisiýasy, Gahryman Arkadagymyzyň şahyrana döredijiliginiň dürleri bolan “Ýaşasyn parahat durmuş” atly ajaýyp eseri BMG-niň resmi dillerinde ýaňlandy.

Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň şeýle belent derejelere ýetmeginde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän taýsyz tagallalaryna, asylly başlangyçlaryna çuňňur alkyşlaryny aýtdylar hem-de hemişelik Bitaraplygyň saýasynda parahat durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, dünýä ýüzüne asudalygyň, parahatçylygyň ýaňyny ýetirýän döwletli gadamlarynda diňe rowaçlyklary arzuwladylar.