“Türkmen diliniň taryhy ösüşiniň döwürleri” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

24-nji aprelde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek hem-de ylmy taýdan beýan etmek maksady bilen 2025-2026-njy ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, doktorantlarynyň, aspirantlarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlarynyň, hünärmenleriniň gatnaşmagynda Türkmen diliniň taryhy ösüşiniň döwürleri atly ylmy-amaly maslahat  geçirildi.

Ylmy-amaly maslahatyň öň ýanynda oňa gatnaşyjylar institutyň baş binasynda ýaýbaňlandyrylan ýörite sergini synladylar.

Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli Liderimiz alym Arkadagymyzyň “Biziň dilimiziň örän gadymy kökleri bar. Gadymy kökleri bolsa hemişe geljek üçin giň mümkinçilikleri açýan ygtybarly esas bolup durýar” diýen dürdäne setirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda türkmen dilini we edebiýatyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, türkmen diliniň taryhy, şu güni
hem-de geljegi, häzirki döwürde türkmen diliniň söz baýlygyny aýap saklamak, ony geljekki nesillere ýetirmek, türkmen edebi diliniň sözleýiş medeniýetini kämilleşdirmek, ýaşlaryň sözleýiş medeniýetini ösdürmek, adalgalary millileşdirmek babatynda ýerine ýetirilýän işler boýunça çykyşlar edildi.

Ýokary okuw mekdebimiziň “Altyn miras” medeniýet merkeziniň döredijilik toparynyň ruhubelent talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary bolsa ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Ylmy-amaly maslahat öz işini “Türkmen diliniň taryhy ösüşi” we “Türkmen edebiýatynyň taryhy ösüş döwürleri” atly bölümlerde dowam etdi. Olarda türkmen edebi diliniň kemala geliş taryhy, taryhy çeper filmlerde leksik aýratynlyklar, türkmen dilinde sanly ulgam bilen baglanyşykly adalgalaryň döreýiş we ulanylyş aýratynlyklary, türkmen diliniň we türkmen edebiýatynyň ösüş ýollary, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda modal sözleriň ulanylyşy, türkmen diliniň kemala geliş we ösüş ýollary, türkmen diliniň we edebiýatynyň ösüş döwürleriniň möhüm meselelerine degişli  bolan türkmen we pars dilleriň özara gatnaşygynyň taryhyndan (Sefewiler döwri), türkmen halkynyň edebi gymmatlyklary hem-de türkmen edebiýatynda taryhy döwürleriň şöhlelendirilişi barada ylmy maglumatlary berýän temalaryň üstünde durlup geçildi.

Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmek, jemgyýetimiziň aň-bilim derejesini ýokarlandyrmak we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýän taryhymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy, ene dilimizi, edebiýatymyzy düýpli öwrenmek ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.