Türkmen-hytaý dostlugy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikanyň arasyndaky ikitaraplaýyn  gatnaşyklar ähli ugurlar, şol sanda bilim ulgamy  boýunça hem giň gerimde ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Bilim ulgamy Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň medeni-gumanitar  hyzmatdaşlygynyň  ileri tutulýan  ugurlarynyň biridir” diýip belleýär.  Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň esasy dilleriniň biri bolan hytaý dili hem biziň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde hünär hökmünde öwredilýär. Dil ýurtlary, milletleri dostlaşdyrýar, her bir halkyň asyrlar boýy toplan ruhy, medeni gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilik döredýär.

            2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 16-syna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan hytaý dili hünäriniň mugallymlaryna we talyplaryna okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükleri, hytaý edebiýatynyň görnükli şahyrlaryň eserleriniň we goşgularynyň ýygyndylaryny dabaraly ýagdaýda sowgat berildi. Duşuşyga institutyň ýolbaşçylary, hytaý dili hünäriniň mugallymlary, şeýle hem  Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçiniň maslahatçysy Joň Hua, birinji sekretary Tsian Weý, attaşeler Çan Min we Li Tsianin gatnaşdylar. Duşuşykda bilim ulgamyndaky Türkmen-Hytaý hyzmatdaşlygy, ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dili okadylyp, ýaşlaryň öwrenmäge bolan höwesiniň artýandygy barada gürrüň edildi. Sowgat edilen okuw kitaplary türkmen ýaşlarymyza  hytaý diliniň inçe syrlaryny öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär. 

          Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, mertebeli başlary aman bolsun! Ata Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýmakda alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri rowana ýollarda diňe rowaçlyklara beslensin!