Türkmen-hytaý ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar
Türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde taryhyň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-hytaý gatnaşyklary hakyky dost-doganlygyň mizemez sütünine öwrülýär. Bu şöhratly menziller pederlerimiziň dana pentlerini dowam etdirýän türkmen halkynyň köp asyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýar.
Hytaý Halk Respublikasy bilen ýurdumyzyň arasyndaky ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň esasynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ynsanperwer ulgamy hem türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu ulgamda bilim, ylym, medeniýet ugurlary boýunça yzygiderli gatnaşyklar ýola goýuldy. Şunda iki ýurtda hem bilelikdäki dürli döredijilik çäreleriniň guralmagy, bilim maksatnamalarynyň amala aşyrylmagy, ylmy merkezleriň arasyndaky gatnaşyklaryň höweslendirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2025-nji ýylyň 11-nji martynda geçirilen duşuşyga ýokary okuw mekdebiň rektory Hytaý Halk Respublikasynyň Demirgazyk-günbatar uniwersitetiniň rektory jenap Çun Sinweý, Demirgazyk-günbatar uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy hanym Žen Hueýlýan, Demirgazyk-günbatar uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby, hytaý dilinden türkmen diline terjimeçi bolup işleýän Orazgeldi Mamedow, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň attaşesi hanym Çžan Mini gatnaşdylar. Bu duşuşyk iki dostlukly ýurduň arasyndaky ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösüşiniň täze derejesine çykýandygyny alamatlandyrýar.
Duşuşygyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Demirgazyk-günbatar uniwersitetiniň arasynda mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýörite okuw seminarlaryny guramak, tomusky dynç alyş döwründe mugallymlar we talyplar gysga möhletleýin okuwlary ýola goýmak barada pikir alyşyldy hem-de bu ugurda birnäçe anyk teklipler edildi. Netijeli geçirilen duşuşyk taraplaryň ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.