Türkmen-koreý medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynda täze döwür
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda Türkmenistan döwletimiz Koreýa Respublikasy bilen ýola goýlan gatnaşyklara, dostluk, birek-birege ynanyşmak, özara düşünişmek esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýär we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyr.
Türkmen-koreý hyzmatdaşlygynda ähli ugurlar bilen bir hatarda medeni-ynsanperwer ugurda hem örän köp işler amala aşyrylýar.
Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň maşgalasy Hanym Şin Kyunghye Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda 2019-njy ýylyň sentýabrynda açylan Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkezine myhmançylyga geldi. Okuw merkeziniň mugallymlary we öwrenijileri hormatly myhmany mähirli garşyladylar.
Patyşa Sejoň adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkezinde hormatly myhman Şin Kyunghyenyň we okuw merkeziniň öwrenijileriniň gatnaşmagynda koreý diliniň başlangyç we orta derejesi boýunça kalligrafiýa bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik diýseň çekeleşikli we gyzgalaňly häsiýete eýe boldy. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda hormatly myhman Hanym Şin Kyunghye, Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkeziniň mugallymlary we öwrenijileri türkmen-koreý medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeň ösdürmäge, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ylym-bilim taslamalaryny durmuşa geçirmäge berýän hemişelik goldawy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.