Türkmen-rus dostlugynyň miweleri

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen başy başlanan ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ony dünýä ülňülerine laýyk getirmek meseleleri ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Alym Arkadagymyz ylmy-barlag edaralarynyň işiniň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalary bilen utgaşykly alnyp barylmagyny, milli ylmyň gazananlarynyň önümçilige giňden ornaşdyrylmagyny talap edýär. “Täze taryhy döwürde milli ýörelgelerimizi dabaralandyrmak, okamak, öwrenmek, zähmet çekmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak biziň esasy maksadymyzdyr” diýip nygtaýan Ýurt Baştutanymyz mähriban Diýarymyzda bilim we ylym ulgamyny kämilleşdirmek, ýaşlara berilýän bilimi dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejä galdyrmak barada uly aladalar edýär.

Daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlary taýýarlamagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda mugallymlaryň hünär derejeleri yzygiderli ýokarlandyrylýar. Daşary ýurtlaryň ylym we bilim merkezleriniň arasynda halkara hyzmatdaşlyk barha gerimini giňeldýär.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty uly netijelere we üstünliklere beslendi. Şonuň bilen birlikde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylygynda ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesi daşary ýurtlaryň abraýly uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnamalara hem gol çekişdiler. Şol ýatda galyjy wakalaryň biri hem 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Ýokary bilim federal döwlet býujet bilim edarasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersiteti (Набережночелнинский государственный педагогический университет Российской Федерации) bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilmegidir.

Bu iki ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýeti, filologiýanyň meseleleri barada alyp barýan düýpli ylmy-barlag, ylmy-usuly işleri, olarda öňe sürülýän ylmy garaýyşlar ylym-bilim babatda ýola goýlan özara işjeň hyzmatdaşlygyň oňyn netije berjekdigini aýdyň beýan edýär.

Ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygy alyp barmaga, özara tejribe alyşmaga şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!