Türkmen talyplarynyň üstünligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek, nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň döwrebap derejede bilim almagy, dünýäniň ylym giňişligine aralaşmagy, döwlet we halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerdir olimpiadalara gatnaşmagy ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. 

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny” durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere yzygiderli gatnaşýarlar.

2025-nji ýylyň 27-nji ýanwaryndan 8-nji fewraly aralygynda ýokary okuw mekdebimiziň talyplary Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde ýerleşýän Kazan federal uniwersitetiniň “Магистриум” atly halkara olimpiadasynyň jemleýji tapgyryna onlaýn gatnaşyp, “Daşary ýurt dilleri we edebiýaty” ugry boýunça 8 sany II orna, “Globalization, languages and cultures” ugry boýunça 1 sany II orna, “Rus dili ikinji daşary ýurt dili hökmünde” ugry boýunça 4 sany II orna we “Ekologiýa” ugry boýunça 1 sany II orna mynasyp boldular. Dilçi talyp ýaşlaryň halkara derejede gazanan bu üstünligi ýurdumyzda ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilen düýpli özgertmeleriň nobatdaky aýdyň netijesidir.

«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, bize ylym-bilim älemine giň ýollar açyp berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri mydama rowaçlyklara beslensin!