Türkmen-ýapon medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar

Täze taryhy eýýamda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň biri hasaplanýan Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky däp bolan dostana hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykarylýar. Türkmen-ýapon gatnaşyklarynda ynsanperwer hyzmatdaşlyk diýlende ilkinjileriň hatarynda bilim ulgamy göz öňüne gelýär.

Bilim babatda türkmen-ýapon gatnaşyklarynda dilleri okatmak meselesi öňe saýlanýar. Çünki, dost-doganlyk, gatnaşyk, hyzmatdaşlyk, ysnyşyk dilden başlanýar.

2007-nji ýyldan bäri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýapon dili boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Bilim ojagymyzyň uçurymlary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, 12 sany umumybilim berýän orta mekdeplerinde, şeýle hem ylym-bilim edaralarynda döredijilikli zähmet çekýärler.

2013-nji ýyldan başlap ýokary okuw mekdebimiz daşary ýurtda ýapon diliniň öwrenilmegine we ýaýramagyna hemaýat berýän Ýapon Gaznasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde institutda 2017-nji ýyldan başlap Yaponiýa döwletinden gelen hünärmenler zähmet çekýärler. Häzirki wagtda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýapon dili boýunça maslahatçy-mugallym Iwai Ýufu taýýarlygyň pedagogika bilimi (ýapon dili, türkmen dili we edebiýaty) ugrunyň talyplaryna sapak berýär, ýapon dili mugallymlaryna bolsa okuw-usuly maslahatlary we seminarlary geçirýär. Mundan başga-da, Ýapon Gaznasynyň Ýapon dili halkara merkeziniň gurnamagynda “Daşary ýurtly ýapon dili mugallymlary üçin kämilleşdiriş okuwy” maksatnamasynyň çäginde institutyň ýapon dili mugallymlary hünär kämilleşdiriş okuwlaryna ugradylýar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda ylym-bilim babatda özara hyzmatdaşlyk etmek barada Ähtnamanyň çäginde institutyň ýapon dili mugallymlary we ýapon dili hünäriniň talyplary Sukuba uniwersitetine okuw we iş saparlaryna ugradylýar.

Ýaponiýanyň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnika ministrliginiň (MEXT) “Ýapon dili we medeniýeti” atly maksatnamasynyň çäginde ýokary okuw mekdebimiziň  ýapon dili hünäriniň talyplary Ýaponiýa döwletiniň ýokary okuw mekdeplerine 1 ýyllyk okuw saparyna ugradylýar.

Şeýle-de, institutyň ýapon dili mugallymlary tarapyndan Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň ylmy işgärleri we hünärmenleri bilen awtordaşlykda Türkmenistanyň orta mekdepleri üçin ýapon dili boýunça okuw kitaplary taýýarlanylýar.