Türkmenistan – Koreýa Respublikasy: ynsanperwer hyzmatdaşlyk ilerledilýär

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýar. Bu ýurt bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn derejede, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Mundan başga-da, sebit derejesinde “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” formatynda hyzmatdaşlyk edilýär. Munuň özi energetika, ulag, ekologiýa, saglygy goraýyş, medeniýet ýaly ulgamlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamynda hem özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam berýär.

Dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde we giňeltmekde
ylymly-bilimli ýaşlar ýurdumyzyň berk daýanjy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesilleriň daşary ýurtlarda okap, bilim almagy ugrunda ähli mümkinçilikler döredilýär.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary «Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Koreýa Respublikasynyň Kangwon milli uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň» çäginde Koreýa Respublikasynyň Kangwon milli uniwersitetinde 2025-nji ýylyň sentýabr aýyndan bir okuw ýyly möhlet bilen geçirilýän koreý we iňlis dili ugurlary boýunça okuw maksatnamasyna gatnaşmak üçin 2025-nji ýylyň 25-nji awgusty – 2026-njy ýylyň 25-nji iýuly aralygynda Koreýa Respublikasynyň Kangwon milli uniwersitetine okuw saparyna iberildi.

Bu mümkinçilik talyplaryň dil babatdaky bilimlerini has hem artdyrmaklaryna we toplan tejribelerini geljekde bilim ulgamynda iş ýüzünde ulanmaklaryna itergi berer.

Dostlukly gatnaşyklary berkitmekde aýratyn ähmiýetli ugurlaryň biri bolan ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde ählitaraplaýyn mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutumly işleri elmydama üstünliklere beslensin!