“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy.
2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 21-ine Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Çykyşlarda köp jiltli ylmy neşiriň diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginde däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýändigi we uly meşhurlykdan peýdalanýandygy, türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler hem-de milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik işiň dünýäniň köp dillerine terjime edilip, daşary ýurt okyjylarynyň millionlarçasyna elýeterli bolandygy, onuň ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan hünärmenleriň gymmatly gollanmasyna öwrülendigi aýratyn nygtaldy. Dilçi ýaşlaryň saglygyň we parahatçylygyň mekanyny wasp edýän aýdymlarynyň dünýä dillerinde belentden ýaňlanmagy dabaranyň joşgunyny has-da artdyrdy.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ynsan saglygyna döwletiň iň gymmatly baýlygy hökmünde garaýan, fitoterapiýa, derman senagaty ugrunda zähmet çekýän hünärmenleriň hünär kämilligi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň döwet galamynyň ýiti bolmagyny, kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuwladylar.