“Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhy kökleri we milli aýratynlyklary” atly göni wideoaragatnaşyk arkaly webinar geçirildi

    Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhy kökleri öz gözbaşyny türkmeniň müňýyllyklara siňýän şöhratly taryhynyň sahypalaryndan almak bilen, özboluşly häsiýete eýlenendir. Bu barada Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly eserinde çuňňur paýhasa ýugrup ýazyşy ýaly, halkymyzyň parahatçylyk, oňşuklylyk, ylalaşyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri häzirki döwürde döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi we onuň pugtalanmagy bilen öz mazmunyny baýlaşdyrýar.

    «Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda» beýan edilen maksatlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, 2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin halkara öwrediş uniwersiteti bilen bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhy kökleri we milli aýratynlyklary» atly göni wideoaragatnaşyk arkaly webinar geçirildi.

Webinaryň dowamynda çykyş eden Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda zähmet çekýän hytaý dili mugallymy Çen Wenýing, Pekin halkara öwrediş uniwersitetiniň Syýahat ylymlary fakultetiniň professory Tsui Li, şol uniwersitetiň Iňlis dili fakultetiniň dekanynyň orunbasary, dosent Žow Jýanpiň we Partiýa diplomatiýasy fakultetiniň dosenti Waň Ruýping türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň bu günki gün bilim ulgamynda-da özüniň oňyn netijelerini berýändigini, hytaý dilini öwrenmäge isleg bildirýän türkmen ýaşlaryň sanynyň gün-günden artýandygyny, olaryň hytaý halkynyň medeniýeti, sungaty, taryhy, däp-dessurlary bilen içgin gyzyklanýandygyny, türkmen Bitaraplygynyň özboluşly nusgasynyň bütindünýäde nusga alarlykdygyny nygtadylar.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar dünýäniň abadançylygyna, halklaryň bagtly geljegine gönükdirilen Bitaraplyk syýasatyny dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň hemişe şanly rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!

Goý, parahatçylygyň, dostlugyň mekany bolan ata Watanymyzyň şan-şöhraty, abraý-mertebesi has-da belende galsyn!