Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň XI-XII synp okuwçylarynyň arasynda iňlis dili boýunça IV olimpia
1-nji tapgyryň esse temasy: «Öwrenmekden herekete»
«Öwrenmekden herekete» temasy gatnaşýanlara, bilim, başarnyk we gymmatlyklaryňyzy nähili edip durmuşa geçirip, oňyn üýtgeşmeler döredip bijekdigini düşündirmäge çagyrýar. Biz siziň pikirleriňizi, başlangyçlaryňyzy we mekdebiňizde, jemgyýetiňizde ýa-da jemgyýetçilik taslamalarynda şahsy goşantlaryňyzy eşitmek isleýäris. Isleg we döredijilik bilen öz pikirleriňizi beýan etmäge hem-de bilimiňizi we başarnyklaryňyzy hakyky hereketlere geçirmek boýunça tejribeleriňizi görkezmäge çagyrylyrsınız.
1-nji tapgyryň Iňlis dilinde esse ýazmakdan edilýän talaplar:
- Her bir gatnaşyjy berlen tema boýunça iňlis dilinde esse ýazmaly;
- Esse her bir gatnaşyjy tarapyndan özbaşdak ýazylmaly;
- Esse öň hiç ýerde çap edilmedik we hiç ýerden göçürilmedik bolmaly; emeli aňyň (ChatGPT, Gemini, GPTalk…) mümkinçiliklerinden peýdalanmak gadagan; başga awtorlaryň işlerinden ulanylan bolsa, salgylanmalar bilen bellenmeli;
- Essäniň söz sany 400 sözden az we 500 sözden köp bolmaly däl (essäniň ady söz sanyna girmeýär);
- Esse Times New Roman şriftde, 14 pt ölçegde ýazylmaly, sahypanyň inine deňleşdirilmeli we .doc, .docx görnüşde ýatda saklanylmaly. PDF faýllary, suratlar, skrinşotlar ýa-da elektron poçta göni ýazylan tekst kabul edilmez.
- Faýlyň ady gatnaşyjynyň hasaba alnyş belgisi we familiýasy (26001_Amanow) görnüşinde ýatda saklanmaly;
- Esse ýazmak we ony Guramaçylyk toparynyň garamagyna ugratmak üçin gatnaşyja 180 minut (3 sagat) wagt berilýär;
- Essä aşakdaky görkezijiler boýunça baha berler:
- Mazmuny - pikirleriň çuňlygy we özüňize degişliligi;
- Logiki yzygiderlilik we gurluş - pikirleriň düşnükliligi we tertibi;
- Edebi iňlis diliniň düzgünlerine laýyklyk - grammatikasy, söz baýlygy, stili.
- Esse 2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda sagat 17:00-a çenli Guramaçylyk toparynyň garamagyna inlismekdepolimpiada@gmail.com elektron salga ugradylmaly;
- Görkezilen wagtdan gijä galan ýa-da berlen şertlere laýyk gelmeýän işler bäsleşige goýberilmeýär.


