«Учу Великому» we «Учусь Великому» atly Rus dili mekdebiniň okuw maksatnamasynyň açylyşy
2025-nji ýylyň 17–22-nji noýabry aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Учу Великому» we «Учусь Великому» atly Rus dili mekdebiniň okuw maksatnamasyna badalga berilýär. Bu maksatnama Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň (Russiýa Federasiýasy), «Mоя история» gaznasynyň hem-de Russiýanyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen guralýar.
Maksatnama institutymyzyň Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk boýunça gol çekilen Ähtnamasynyň çäklerinde geçirilip, rus dilini okatmakda akademik, ylmy-usuly hem-de ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilendir. Maksatnamanyň çäklerinde NÇDMU-nyň rus we tatar filologiýasy kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Konstantin Andreýewiç Kalinin hem-de şol kafedranyň dosenti, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Aleksandra Wiktorowna Potanina gelip sapaklaryny geçirerler.
Hepdäniň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary üçin rus diliniň öwrenilişine bagyşlanan açyk umumy we ussatlyk sapaklary geçiriler. Okuw maksatnamasynyň dowamynda talyplar rus sözleriniň gelip çykyşyny öwrenerler, diliň halk medeniýetiniň kemala gelmegindäki ornuny ara alyp maslahatlaşarlar hem-de rus dilindäki tekstleriň many taýdan okalyşy boýunça amaly ýumuşlery ýerine ýetirererler. Şeýle hem mugallymlar üçin rus dilini okatmagyň usulyýetiniň häzirki zaman ugurlaryna bagyşlanan açyk umumy sapaklar we okuw maslahatlary guralar. Sapaklarda mugallymlar talyplaryň okaýyş endiklerini ösdürmegiň innowasion usullaryny ara alyp maslahatlaşarlar, rus diliniň çuňlaşdyrylyp öwredilişiniň aýratynlyklaryny seljererler hem-de okuw netijeleriniň barlagy we baha berlişi boýunça meseleleri gözden geçirerler.
Okuw maksatnamasynyň çäklerinde NÇDMU-niň hünärmenleri ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlary üçin Hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetiniň diňleýjilerine rus dili we edebiýatyny okatmagyň usulyýetine gönükdirilen amaly sapaklaryň toplumyny geçirerler.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda Rus dili mekdebiniň okuw maksatnamasynyň geçirilmegi hünär taýdan gatnaşyklary berkitmekde, tejribe alyşmakda hem-de rus dili mugallymlarynyň usuly kämilligini ýokarlandyrmkda möhüm ädimdir. Şeýle hem bu çäre institutyň halkara bilim hyzmatdaşlygynyň barha giňeýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.


