Ýaşlar Watanyň kuwwatly güýji
Diller dünýäsine öwrülen, ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdebi bolan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2025-nji ýylyň 13-nji martynda “Ýaşlar Watanyň kuwwatly güýji” atly onlaýn ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylygynda gurnalan bu maslahata ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň zehinli talyplary gatnaşdylar.
Ylma gadam basan ýaşlaryň halkara giňişlikde, dilleri öwrenmek, olary okatmagyň döwrebap usullary, bilim bermegiň iň kämil tehnologiýa mümkinçiliklerinden ugur alyp, sözleýşe gönükdirilen başarnyklary ösdürmek baradaky ylmy garaýyşlary, täsirli teklipleri, önümçilikde synagdan geçen tejribeleriň esasynda goldanylýan usullardan peýdalanmagyň bilimiň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edişi baradaky garaýyşlary talyplarda uly gyzyklanma döretdi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplygynyň milli kökleri; dilleri öwrenmegiň parahatçylykly gatnaşyklary ösdürmekdäki hyzmaty; dil biliminiň häzirki zaman meseleleri; edebiýat we edebi gatnaşyklary; terjime meselesi we onuň ähmiýeti giňişleýin öwrenilen bölümçeleriň işi bolsa, maslahatyň netijeleriniň ýokary derejede jemlenmegine oňyn täsirini ýetirdi.
Türkmen ýaşlarynyň ylmy we tejribe işleri esasynda eden şeýle täsirli çykyşlarynyň aňyrsynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim maksatnamalaryny netijeli kämilleşdirmek, olary Türkmenistanda dil öwretmegiň tehnologik özgertmeleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze mazmun bilen baýlaşdyrmak babatdaky giň gerimli başlangyçlarynyň we ýaşlaryň kämilligi üçin edýän taýsyz tagallalarynyň ýatandygyny, buýsanç bilen bellediler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşan talyplar, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýaşlaryň ylmy dünýägaraýyşyny giňeltmekde halkara hyzmatdaş talyplar bilen pikir alyşmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyklaryny bildirip, uzak ömür, jan saglyk, döwletli gadamlarynda diňe rowaçlyklary arzuw etdiler.