Ylym-bilimde halkara hyzmatdaşlyk
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleri uly üstünliklere beslenýär. Bu ýetilen sepgitlerde we gazanylan üstünliklerde iň netijeli ädim hem Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýä derejesine çykmagydyr. Munda bilim boýunça halkara hyzmatdaşlyklaryň örän uly ähmiýeti bar. Şu günki dünýä ylym bileleşiginiň wekilleriniň biziň bilim ojagymyzda myhmançylykda bolmaklary munuň şeýledigini doly derejede tassyklaýar.
Tegelek stoluň başynda geçen duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Ýokary bilim federal döwlet býujet bilim edarasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň rektory hanym Galiakberowa Alfinur Azatowna, Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň rektorlygynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça maslahatçysy hormatly Galagudina Jamilýa Fahradowna, Koreýa Respublikasynyň wekili Kangwon milli uniwersitetiniň professory jenap Li Minhi gatnaşdylar.
Duşuşykda döwletlerimiziň alyp barýan dost-doganlyk we özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ähmiýeti, hususan-da ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar ýokary okuw mekdebimiziň döwletara gatnaşyklarynda, şol sanda ylym-bilim babatynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk üçin Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny bildirdiler we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.